16.07.2020
27.07.2020

“Hazar” konsorsiumy serwis hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär

"Türkmennebit" döwlet konserninden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy tender toparyň adyndan şu aşakdaky lot esasynda tender yglan edýär:

Lot № 1 – “Hazar” konsorsiumy üçin iýmit hyzmatlaryny bermek we Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Hazar” ofis we myhmanhana kompleksine serwis hyzmatlaryny bermek.

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • tendere gatnaşmak üçin 250.00 USD (iki ýüz elli) töleg tölemeli. GBS alynmaýar;

Töleg üçin rekwizitler:

"Mitro International Limited" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy.

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynda walýuta hasap 23203000220184900169000.

Salgyt kody 302341000023.

Korr.hasap 21101840110100100003000.

MFO 390101201.

SWIFT: SBFETM 22.

Bank çykdajylary tendere gatnaşyjynyň hasabyna.

  • tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza tabşyrmaly (erkin görnüşde);
  • tendere gatnaşmak üçin şertleri almaly (aşakda görkezilen salga şahsy eltip bermek). Tenderiň şertlerini we lotuň häsiýetnamasyny almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminama, ýazmaça arza we kompaniýanyň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminama tabşyrmaly.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 744000, Türkmenistan, ş. Aşgabat, A. Nowaýy köçesi 100, 3-nji gat, “Mitro International Limited” kompaniýasynyň wekiliýeti.

Habarlaşmak üçin telefonlar: + 99312 44 33 00, faks: + 99312 44 33 01.

Elektron salgysy: asbmitro@asb.mitro-int.com; asbmitro@mitromos.com;

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: +7 495 788 55 60, faks+ 7 495 748 32 31.

Elektran salgysy: mitro13@mitromos.com; marketing@ mitromos.com;

Türkmenistan, ş. Aşgabat, A. Nowaýy köçesi 100
Bulary hem okaň
2022