21.07.2020
27.07.2020

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy senagat howpsuzlyk barlagy boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy milli manatda göterijilik kuwwaty 3,2 tonna bolan kran-balkanyň we kran ýollarynyň senagat howpsuzlyk barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň şertlerini almaly (tehniki talaplar).

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 5 (bäş) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri möhürlenen bukjada berilmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022