24.07.2020
04.09.2020

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ösümlikleriň gorag serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan ösümlikleriň gorag serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça tender yglan edýär:

Lot № 1 - Bir ülüşli dänelilere garşy gerbisidler;

Däneli ekin ekişinde iki ülüşli haşal otlara garşy gerbisidler;

Şaly ekişinde haşal otlara garşy gerbisidler;

Däneli kesellere garşy fungisidler;

Bugdaý zyýankeşlerine garşy insektisidler;

Lot № 2 - Gowaça tohumyny zyýanlaşdyrmak üçin serişdeler.

Lot № 5 – Çekirtgelere garşy insektisidler.

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde agzadygy baradaky kepilnamany görkezmek bilen arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini himiýa serişdeleri bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her bir lot üçin töleg töläp, bäsleşik resminamalarynynň bukjasyny almaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly.

Bäsleşik teklipli bukja hasaba pul serişdeleri geçirilenden son seljerilip başlanýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde ýerli wagt bilen sagat 9.00-dan 17.00 çenli kabul edilýär.

Ähli lotlar boýunça bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 44-77-47, 44-74-64.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň