27.07.2020
07.09.2020

“Türkmenhimiýa” gerekli harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan aşakdaky görkezilen lotlar boýunça önümleri satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär.

Lot № 2 – Inert gaz gurşawynda kükürdi üweýji desga.

Lot № 3 – Suwuklyk we has hasaplaýjylaryny barlamak üçin stend.

Lot № 5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler sagat 9.00-dan 17.00 aralygynda, 30 (otuz) iş güni ýerli wagt bilen sagat 10.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-83, 39-01-71, 39-01-82, 39-01-14.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň