01.01.1970
01.01.1970

“Gazyk” hususy nebitgaz kompaniýasy

Türkmenistanda hasaba alnan ilkinji hususy nebit-gaz “Gazyk” kompaniýasy Hazar sebitinde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hyzmatlar hödürleýär. Ýerli nebit-gaz bazarynda özlerini öňdebaryjy hasaplaýan kompaniýa her bir wezipäni dogry we ýitgisiz tamamlamaga çalyşýar. Halkara tejribeli hünärmenler bilen bir hatarda ýokary hilli enjamlary ulanmak arkaly müşderileriniň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmagy maksat edinýär; müşderiniň üstünligini özleriniň üstünligi hasaplaýar.

“Gazyk” kompaniýasy nebit we gaz ýataklarynda taslamany yerine yetirmek, inženerçilik, buraw işleri we daş töweregi goramak ugurlarynda çözgütler hödürleýär.

Dürli görnüşli meseleler daşky gurşawyň durnuklylygyna täsir ýetirýär. “Gazyk” kompaniýasy daş-töweregiň hapalanmagyna sebäp bolýan täsirleri azaltmak we öňüni alyş çärelerini gurnamak işlerini alyp barýar. Müşderilerini durnukly ösüş bilen üpjün edýän we innowasion hyzmatlary hödürleýän kompaniýa hapalanan ýerlere, nebit ýataklaryna amatly çözgütler getirýär.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasynyň döredilmegine “Gazyk” kompaniýasy hem gatnaşdy.

 

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 82, Berkarar işewürlik merkezi, 11-nji gat.

Telefon belgileri: +993 12 46-84-91/+993 12 46-84-95.

Faks: +993 12 468493.

Elektron salgysy: info@gazyk.com;

Web sahypasy: gazyk.com

Bulary hem okaň
2022