05.08.2020
20.08.2020

Dokma senagaty ministrligi himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-57, 40-71-77.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022