01.01.1970
01.01.1970

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti üstaşyr we eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly (multimodal) ýük alyja eltmekde logistiki çözgütleri hödürleýän kompaniýadyr.

2018-nji ýylda esaslandyrylan TULM-yň paýdarlary bolup, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendenizderýaýollary” agentlikleri, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Türkmen logistika assosiasiýasy” hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.

Şeýle-de TULM GDA, Baltiýa, Eýran, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ekspeditor kompaniýalary bilen gazanylan hyzmatdaşlyklar esasynda, şol ýurtlaryň çäginde minimal we gyssagly hasaplanan demir ýol tariflaryna görä, ýük daşamak boýunça tekliplerini we hyzmatlaryny hödürleýär.

Häzirki wagtda kompaniýanyň Demir ýol gatnawlary, Multimodal gatnawlary, Logistika we marketing bölümleri müşderiler bilen işleşýär.

 

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 7.

Telefon belgisi: +99312 94-22-33.

Faks: +99312 94-22-33.

Elektron salgysy: tulm@online.tm;

Web sahypasy: tulm.tm

Bulary hem okaň
2022