01.01.1970
01.01.1970

“Töwerek” hojalyk jemgyýeti

“Töwerek” hojalyk jemgyýeti gurluşyk önümçiligi, gozgalmaýan emläk hem-de söwda pudaklarynda iş alyp barýan hususy kompaniýadyr.

2005-nji ýylda esaslandyrylan “Töwerek” Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa “Trend” haryt nyşanly içki we daşky diwar boýaglaryny Türkmenistanda öndürip içki hem-de daşary ýurt bazarlarynda ýerleýär.

Mundan başga-da, kompaniýa köpsanly ýerli mebel öndürijilerini ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek üçin mebel boýaglaryny we laklaryny import edýär.

Töwerek 2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň A.Niýazow köçesiniň ugrunda ýerleşen hususy Söwda we işewürlik merkeziniň hem taslamasyny düzdi we gurdy. Bu desga umumy meýdany 8000 inedördül metr bolan 8 aýry dükandan we dürli ofislerden ybaratdyr. Daşary ýurt we ýerli kompaniýalar, telekeçiler iş merkezinde ofis otaglaryny kärendesine alyp bilerler.

“Töwerek” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda iň uly haly öndürijisi bolan “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem paýnamalaryna eýelik edýär.

Şeýle-de “Töwerek” HJ “Hazar Atiýaçlandyryş” AGPJ-niň iň uly paýdarydyr.

 

Salgysy: A.Nyýazow şaýoly 157, Aşgabat ş., Türkmenistan.

Telefon belgisi: +99312 413360.

Faks: +99312 413361.

Elektron salgysy: contact@towerek.com:

Web sahypasy: towerek.com

Bulary hem okaň
2022