18.08.2020
01.09.2020

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy gurluşyk-gurnama işleri boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy "Türkmenistanda turbalary abatlamak üçin önümçilik guramasy" atly taslamanyň çäginde “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň turba bazasynda taslama-gözleg we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekboýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň düzgünlerini almaly (görkezilen salgyda şahsy gowşurma).

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri iki sany möhürlenen bukjada berilmeli. Birinji bukjada tehniki aýratynlyklar, ikinjisinde täjirçilik teklibi (baha spesifikasiýasy) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., T.Satylowa köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022