17.08.2020
27.08.2020

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýerüsti desgalara hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasyndaky gündogar “B” blok (günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat) gaz känleriniň ýerüsti desgalary üçin taslamany dolandyryş hyzmatyny bermek boýunça

№. CIT-20052-SR

tender yglan edýär.

Gündogar “B” blok (günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat) gaz känleriniň ýerüsti desgalary mümkin boldugyça ir gurulmaly we ulanyşa berilmeli.

Taslamanyň netijeliligini we göwnejaý durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bu taslamany meňzeş taslamalarda tejribesi bolan we durmuşa geçirilýän döwründe taslamany dolandyrmakda CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasyna wekilçilik edýän PMC halkara potratçynyň kömegi bilen dolandyrmagy göz öňünde tutýar.

Bu tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa, aşakdaky maglumatlary we resminamalary bermek bilen tendere gatnaşmak üçin ýüz tutup biler:

  • tenderiň adyny we tertip belgisini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we kontakt belgileri görkezilen gysgaça maglumat;
  • kompaniýany hasaba alyş resminamasy we ýüz tutmak hukugy üçin ygtyýarly wekile kompaniýanyň ynanç haty;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi, taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny tassyklaýan resminama;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34, faks: +993 12 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022