10.09.2020
21.09.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar:

Lot №1 - “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 - Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Aryk merkez oba saglyk merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 3 - Baş dermanhana birleşigine saglygy goraýyş edaralary üçin derman serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 10 (on) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022