15.09.2020
15.10.2020

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty portdaky HYSTER markaly enjama tehniki hyzmat bermek we abatlamak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölümine ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň talaplary bilen tanyş bolmaly;
  • 1000 (müň) manat möçberinde hasap-faktura laýyklykda ýörite (tender) ýygymyň tölegini tölemeli;
  • tehniki talaplaryny almaly;

Tender boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 30 (otuz) senenama günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Tender teklipli bukjalary tehniki talaplar alnan pursatyndan görkezilen salga eltmeli.

Söwda teklipleri iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada hyzmatlaryň we işleriň tehniki häsiýetnamalary, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän hyzmatlaryň we işleriň hasaplanan we esaslandyrylan bahalary görkezilen söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243-4-91-68, +993243-4-96-19 (faks).

Elektron salgysy: denizport.teh@gmail.com;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., Şagadam köçesi 8
Bulary hem okaň
2022