16.09.2020
01.10.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi binalaryň gurluşygy boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy esasynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde täze desgalar we binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak, Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde 1 sany 5 gatly 40 öýli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Akdepe şäherçesinde 1 sany 4 gatly 40 öýli gulluk ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022