22.09.2020
03.11.2020

“Türkmenhimiýa” önümçilik desgalar toplumynyň düýpli gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürýän desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygy boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manat görnüşinde (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp tender resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-02, 39-01-58, 39-01-55, faks: 39-01-98.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022