24.09.2020
22.10.2020

TNGIZT benzin satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan А-98 benzin satyn almak boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • her bir lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (GBS-i hasaba almak bilen) tölegini töläp bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 20 (ýigrimi) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Tender tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 9-60-48, 2-03-89, faks: +993 (243) 2-11-49.

Elektron salgysy: tngizt@online.tm;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň