07.10.2020
26.10.2020

Dokma senagaty ministrligi spanleýs önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabrigiň çäginde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza berilmeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik teklipleri aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär we bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022