07.10.2020
18.11.2020

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lot boýunça tender yglan edýär.

Lot № 1 – 4 gatly 2,3 we 4 otagly 96 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we degişli territoriýany abadanlaşdyrmak.

Gyzyklanma bildirýän şahslardan şu aşakdakylar talap edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, poçta we elektron salgylary, telefon we faks belgileri, soňky 5 ýyl boýunça kompaniýanyň maliýe ýagdaýy, iş tejribeleri we işgärleri barada maglumatlar görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň talaplary bilen tanyş bolmaly;
  • 1000 (müň) manat möçberinde hasap-faktura laýyklykda ýörite (tender) ýygymyň tölegini tölemeli.

Tender boýunça teklipler “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölüminde bildiriş çap edilen gününden 30 (otuz) senenama günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Tender teklipli bukjalary tehniki talaplar alnan pursatyndan görkezilen salga eltmeli.

Söwda teklipleri iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada hyzmatlaryň we işleriň tehniki häsiýetnamalary, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän hyzmatlaryň we işleriň hasaplanan we esaslandyrylan bahalary görkezilen söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993243) 2-62-71, 2-13-46, faks: (+993243) 2-62-51.

Elektron salgysy: tmrl.otb@online.tm;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., Şagadam köçesi 8
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022