13.10.2020
27.10.2020

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy spesifikasiýa laýýyklykda Türkmenistanyň milli walýutasynda (manatda) ýa-da ABŞ-nyň dollarynda КАМАЗ we БАЗ kysymly awtoulaglara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • önüm üçin spesifikasiýa almaly.

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri möhürlenen iki bukjada berilmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022