16.10.2020
10.11.2020

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi nyşan taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilen 2021-nji ýylyň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça Bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, ýurdumyzda dürli baýramçylyk we medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyza bolan söýgüni ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşige ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler.

Hödürlenilýän işler çeperçilik sungatynyň şu ugurlaru boýunça ýerine ýetirilmelidir:

  • grafika-plakat işleri görnüşinde;
  • kompýuter grafikasy usulynda.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini PSD we JPEG görnüşde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler.

Olar bäsleşige hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2020-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hasaba alynýar.

Bäsleşikde tapawutlanan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine hödürlener.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-25-08, 92-31-19.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Alişir Nowaýy köçesi 90
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022