17.10.2020
28.11.2020

“Türkmengaz” gaz turbina kompressorlaryna tehniki hyzmat bermek boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan Gyýanly polimer zawodyndaky “MAN” gaz turbina kompressorlaryna tehniki hyzmatlaryny bermek üçin potratçy saýlap almak boýunça halkara tenderi gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işleri (esasy alyp barýan işleri, meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1725 amerikan dollary möçberde töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-32-75; 40-31-22, faks (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň