27.10.2020
10.11.2020

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy wideogözegçilik ulgamyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aşakdaky lotlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:

Lot № 1 – Wideogözegçilik ulgamyny satyn almak we skwažinalarda (guýularda) abatlaýyş işlerini geçirýän brigada üçin gurnama işlerini geçirmek.

Lot № 2 – Wideogözegçilik ulgamyny gurnamak we skwažinalarda (guýularda) abatlaýyş işlerini geçirýän brigadalarda bar bolan ulgamlaryň gurnama işlerini geçirmek üçin gerekli enjamlary satyn almak.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • önüm üçin spesifikasiýa almaly.

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri möhürlenen iki bukjada berilmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366, +99362600711.

Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., T.Satylowa köçesi 59
Bulary hem okaň
2022