03.11.2020
15.12.2020

Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işini sanlylaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işini sanlylaşdyrmagy işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça açyk tender yglan edýär (milli walýutada).

Tendere gatnaşmak üçin TDHÇMB binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen töleg tölemek üçin 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 17.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-60-20, 40-60-15, 40-60-09 (tehniki soraglar boýunça).

Elektron salgysy: info@exchange.gov.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 52
Bulary hem okaň
2022