04.11.2020
16.11.2020

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender yglan edýär

1. Lot № 352. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň hem-de desgalarynyň liftlerine tehniki hyzmat etmek we olary meýilnamalaýyn abatlamak.

Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

2. Lot № 550. Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky “Ymamnazar” serhetýaka gümrük postunyň ýanynda gurulýan “Gury port” desgalar toplumy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

3. Lot № 568. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynyň gurluşyk-gurnama we durkuny täzelemek işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. Lot № 573. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine degişli bolan, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän 25 gektar meýdanda ekilen baglaryň damjalaýyn-suwaryş ulgamyny gurnamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

5. Lot № 577. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäherçesindäki “Baky oduň” meýdançasyny düýpli abatlamak we abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-46-39; 39-46-38, 39-46-32.

Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly 156
Bulary hem okaň
2022