19.11.2020
31.12.2020

Türkmenistanyň Merkezi banky gurluşyk-gurnama işleri boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Merkezi banky, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Altyn-asyr daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen ýerde saýaly, pürli, miweli bag hem-de üzüm nahallaryny ekmek, damjalaýyn usulynda suwarylmagyny üpjün etmek we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň tehniki häsiýetnamasyny almak üçin isleg bildirýän taraplar öz tekliplerini görkezilen salgy boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankyna iş günleri ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 18:00-a çenli ýollap bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 38-12-37, 38-10-27.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 36
Bulary hem okaň
2022