24.11.2020
01.12.2020

Daşoguz welaýat häkimligi liftleriň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň Daşoguz şäheriniň Merkez-2 şäherçesinde hem-de S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň liftleriniň durkuny täzelemek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-31-87.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
2022