25.11.2020
06.01.2021

Gurluşyk we binagärlik ministrligi atçylyk toplumynyň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Kasamly jülge” böleginde atlaryň 500-sini saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-64, 44-46-36, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022