25.11.2020
06.01.2021

“Türkmenstandartlary” nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Lot №1 - Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometr ýa-da lazerli skaner.

Lot №2 - Ýagtylyk ölçeýjileri we lýuksmetrleri deňeşdirip barlaýan nusgalyk synag enjamlar toplumy.

Lot №3 - Dürli görnüşli termometrleri deňeşdirip barlamak üçin niýetlenen nusgalyk sanly termometr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Bukjada synag ölçeg enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda “Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň
2022