08.12.2020
19.01.2021

“Türkmenhimiýa” taslama düzmek we gurmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan Mary welaýatyndaky “Marykarbamid” zawodynyň düzüminde kuwwatlylygy ýylda 20 000 tonna bolan UF-85 metanol we karbamid-formaldegid konsentratyny öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 5750 (bäş müň ýedi ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manat görnüşinde (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp tender resminamalaryny almaly.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-64, 39-01-58; faks: 39-01-72.

Elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022