18.12.2020
15.01.2021

Gurluşyk we binagärlik ministrligi gözegçilik nokatlaryny gurmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Jemgyýetçilik tertibini goramaga kömek berýän 20 sany gözegçilik nokadynyň jaýyny gurmak boýunça yglan edilen BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022