13.01.2021
24.02.2021

“Türkmengaz” plastik palet önümçilik sehiniň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan Gyýanly polimer zawodynda plastik palet önümçilik sehiniň taslamasyny düzmek we dolulygyna gurluşyk işlerini alyp barmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar görkezilen salga ugradylmaly.

Bellik: Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022