16.01.2021
27.02.2021

“Türkmenstandartlary” nusgalyk synag ölçeg enjamyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lot boýunça nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 - Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometr ýa-da lazerli skaner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda “Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň
2022