18.01.2021
30.01.2021

Balkan welaýat häkimligi reagentleri satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Balkan welaýat häkimligi aşakdaky lot boýunça reagentleri satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Lot №1 – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalar we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologiki arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşinde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşigiň teklipleri 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli, her gün sagat 9-dan 18.00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 7-77-00, 2-00-33; tel/faks (800222) 6-00-89; 2-00-29.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň