19.01.2021
30.01.2021

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda” 1237 belgili Kararyna laýyklykda welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Üçdepe obasynda guruljak täze döwrebap şäherçede 660 orunlyk mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkeziniň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige teklipler 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 30-na çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 6-00-34, 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş., Türkmenabat köçesi 12
Bulary hem okaň
2022