22.01.2021
05.03.2021

“Türkmennebit” geofiziki enjamyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender boýunça saýlap almak toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça

284/3

açyk tender yglan edýär:

Lot № 3 – Elektrotehniki, geofiziki, dolandyryş we ölçeg enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallar.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-77, 40-36-36 (tehniki soraglar üçin), 40-39-39 (faks).

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022