27.01.2021
01.02.2021

Daşoguz welaýat häkimligi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň Daşoguz şäheriniň çäginde ýerleşýän, Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň gazanhanalarynda we ýaşaýyş jaýlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
2022