12.02.2021
15.03.2021

Dokma senagaty ministrligi himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-57, 40-71-77.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022