18.02.2021
11.03.2021

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi gerekli serişdeleri satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi üpjün edijileri saýlamak boýunça HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Lot №1 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite awtoulaglary getirmek.

Lot №2 - Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar derman serişdelerini getirmek.

Lot №3 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän weterinariýa barlaghana enjamlaryny getirmek.

Lot №4 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän anyklaýyş serişdelerini we himiki reagentleri getirmek.

Lot №5 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite awtoulaglary getirmek.

Lot №6 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we ölçeg gurallaryny getirmek.

Lot №7 - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin zerur bolan halkara ülňülere laýyk gelýän anyklaýyş serişdelerini we himiki reagentleri getirmek.

Gyzyklanýan taraplar, gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we aragatnaşyk telefonlaryny görkezýän maglumatlar bilen bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermäge çagyrylýar. Ýazmaça arza berlenden soň pul serişdelerini geçirmek üçin hasap faktura berler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin tabşyrylan tekliplere diňe ministrligiň hasabyna pul serişdeleri gelenden soň serediler.

Bäsleşik resminamalarynyň bukjalary, möhür bilen tassyklanan doly bäsleşik teklibi bilen bir möhürlenen bukjada kabul ediler.

Bäsleşik teklibi bilen bukja bäsleşik resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir. Bäsleşik resminamalarynyň bukjasynda sowalnamanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» görnüşinde) hem-de tehniki we ykdysady spesifikasiýa («Excel» görnüşinde) bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Teklip tabşyrmagyň soňky güni gazetde bildiriş çykan gününden başlap, 15 iş gününiň dowamynda.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-77-47; 44-78-30; 94-12-04.

Elektron salgysy: minagri@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022