23.02.2021
07.04.2021

Gurluşyk we binagärlik ministrligi döwrebap athana gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Köpetdagyň eteginde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022