24.02.2021
10.03.2021

“Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy" taslamasy motosikl satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tebigaty goramak boýunça M.Zukkow gaznasy (Germaniýa Federatiw Respublikasy) bilen bilelikdäki “Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI) — Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak” atly taslamasy üç sany motosikl satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyna ýüz tutup bilerler (2nji korpus, 2-nji gat, 52 otag).

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, ýerine ýetirýän işleri, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • motosikl aşakdaky parametrlere laýyk gelmelidir:

1. hereketlendirijisiniň göwrümi – 130-170 kub.sm.;

2. ýangyç görnüşi – benzin;

3. oturgyçlaryň sany - 2 (sürüjini goşmak bilen);

4. tekerleriň sany - 2.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62-40-85-89, +993 65-56-22-64.

Türkmenstan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi 15
Bulary hem okaň
2022