24.02.2021
05.03.2021

“Toprak” hojalyk jemgyýeti makulatura satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Toprak” hojalyk jemgyýeti gaýtadan işlenen gaplama kagyzyny öndürmek üçin zawoda gerekli kagyz galyndylaryny (makulatura) satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär.

Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär we zawodyň kagyz galyndylaryny ýygnamak bölüminde hasaba alynýar.

Hasaplaşyk Türkmenistanyň milli manadynda amala aşyrylýar.

Dalaşgärler tarapyndan hödürlenýän kagyz galyndylarynyň iň az mukdary hepdede 70 tonna bolmaly. Hepdede 150 tonnadan gowrak kagyz galyndylary bilen üpjün edip biljek dalaşgärler aýratynlyklardan peýdalanyp bilerler.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 5-nji martyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: +993 65 80 17 16, faks: +993 12 48 00 88.

Elektron salgysy: t.cherkezov@nowapack.com;

Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Öňaldy geňeşligi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022