CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz syzmalaryny kesgitlemek boýunça tender yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynda 2021-2024-nji ýyllar üçin gazuw işlerinde birleşdiriji bogunlarda gaz syzmalaryny kesgitlemek we turbalarda kemçilikleri kesgitlemek hyzmatlaryny bermek boýunça
№. CIT-21008-SR
tender yglan edýär.
Tender aşakdaky işleri öz içine alýar:
1. Geliý ulanyp, turba birikdirmelerinde gazyň syzmagyny kesgitlemek üçin zerur enjamlar, başarnykly işgärler we gurallar bilen üpjün e tmek.
2. Wodorod sulfidiniň we uglerod dioksidiniň ýokary konsentratlary bolan gaz ýataklarynda NDT turba kemçiliklerini ýüze çykarmak.
Bellik: Ýokarda sanalan hyzmatlar esasan ýerasty enjamlar bilen turba geçiriji işleýän wagtynda ulanylar.
Bu tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa, aşakdaky maglumatlary rus we iňlis dillerinde tabşyrmaly:
- adyny we tertip belgisini görkemek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
- kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy görkezilen gysgaça maglumat;
- soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
- soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi;
- ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly;
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.
Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34, faks: +993 12 44-50-44.