22.02.2021
04.03.2021

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy turba we ätiýaçlyk şaýlaryny satmak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynyň A we B blok gaz skwažinalaryny tamamlamak üçin sorujy-gysyjy turbalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça

№. CIT-21002-MR

tender yglan edýär.

Tender 2-7/8 we 3-1/2 dýum diametrli sorujy-gysyjy turbalary satyn almagy öz içine alýar.

Bu tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa, aşakdaky maglumatlary rus we iňlis dillerinde tabşyrmaly:

  • adyny we tertip belgisini görkemek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
  • kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy görkezilen gysgaça maglumat;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
  • zawod barada gysga maglumat we bu tender işinde hyzmatdaşlyk etmek üçin zawoddan ynanç haty;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly;

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34, faks: +993 12 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022