04.03.2021
15.04.2021

“Türkmenhimiýa” tehniki ýod önümçilik desgalaryny gurmak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynda her biri 60 tonna kuwwatly tehniki ýod öndürmek üçin 2 synag desgalaryny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • her bir resminamalar toplumy üçin GBS-i hasaba almak bilen 4025 (dört müň ýigrimi bäş) manat töleg töläp tender resminamalaryny almaly.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-58, 39-01-62, faks: 39-01-62.

Elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022