04.03.2021
20.03.2021

Döwlet ösüş banky MHHS (IFRS) 9 standartyny girizmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky bankyň maliýe hasabatlylygyna we hasaba alnyşyna maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda, MHHS (IFRS) 9 “Maliýe gurallary” standartyny girizmek boýunça açyk görnüşli BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan dünýäniň ösen ýurtlarynda hasaba alnan öňdebaryjy we tejribeli auditor — konsalting kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşigiň resminamalaryny görkezilen salgydaky Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz bäsleşik tekliplerini ýapyk bukjada, 2021-nji ýylyň 20-nji martyna, sagat 17:00-a çenli tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 21-04-47, 21-04-63, 21-04-43 (faks).

Türkmenistan, Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly 143
Bulary hem okaň