25.03.2021
06.05.2021

Türkmenistanyň Merkezi banky abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Merkezi banky bankyň edara binasynda ýerleşýän üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün ediji UPS elektrik üpjünçiliginiň işjeňligine hem-de TMB-niň garamagyndaky Gypjak metjidiniň 1000 (bir müň) orunlyk sadaka jaýynyň UPS elektrik üpjünçiliginiň işjeňligine tehniki taýdan abatlaýyş, bejergi işlerini (zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary gurnamak) ýerine ýetirmek üçin Tehniki hyzmata bermek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň tehniki häsiýetnamasyny almak boýunça Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankyndan duşenbe — şenbe günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilersiňiz.

Arakesme wagty sagat 13:00-dan 14:00-a çenli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda hökmany ýagdaýda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

38-12-37, 38-10-27, 38-13-64.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 36
Bulary hem okaň
2022