05.04.2021
08.04.2021

Daşoguz welaýat häkimligi binalarda abatlaýyş işleri geçirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çägindäki çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň binalarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli düýpli abatlaýyş işleri üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça

tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 8-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02; 9-03-14;

Faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýat. Daşoguz şäheri
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022