06.04.2021
18.05.2021

“Türkmentehnogurluşyk" aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

"Türkmentehnogurluşyk" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti  aşakdaky lotlar boýunça Ahal welaýatynyň täze merkezindäki täze ýaşaýyş jaýlaryna we guramalaryna häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek üçin Tender yglan edýär

Lot- 1 - IP telewizor programma üpjünçiligini, enjamlar toplumyny satyn almak, üpjün etmek, guramak we işe girizmek.

Lot 2 - GPON tehnologiýasy esasynda esasy awtomatiki telefon alyş-çalşygy üçin enjamlar toplumyny satyn almak, üpjün etmek, guramak we işe girizmek.

Lot 3 - Maglumat tehnologiýasy IP enjamlaryny satyn almak, üpjün etmek, guramak we işe girizmek hem-de köp hyzmatly tor enjamlaryny oturtmak

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap ýazmaça ýüz tutulanda görkeziler.

Tender resminamalary iki sany aýry bukjalarda (tehniki we täjirçilik teklibi) bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00-den gijä galman  tabşyrylmalydyr.

Тelefon belgiler:

(+99312) 93-02-94,

93-02-40, 93-06-04.

Faks:

(+99312) 93-03-31

Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 200, Aşgabat ş
Bulary hem okaň
2022
ENG TM РУС