10.04.2021
30.04.2021

Mary welaýat häkimligi gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça tender yglan edýär

WELAÝAT HÄKIMLIGINIŇ DÜÝPLI GURLUŞYK MÜDIRLIGI

1. Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500 orunlyk orta mekdebi gurmak;

2. Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk täze çagalar bagyny gurmak;

3. Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze orta mekdebi gurmak üçin bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin: Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige teklipler 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

6-00-34, 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş., Türkmenabat köçesi 12
Bulary hem okaň
2022