13.04.2021
22.04.2021

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy kompressorlary abatlamak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek üçin “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynda Samandepe, ГДЗ-1 и ГПЗ-1, ГПЗ-2 ýerlerdäki

kompressorlary abatlamak we olara hyzmat bermek boýunça

CIT-20095-SR tender yglan edýär.

Bu tender prosesi aşakdaky hyzmaty öz içine alýar:

Tebigy gaz üçin kompressor enjamlary we regenerasiýa gaz kompressorlary üçin hyzmat Samandepe gaz ýatagynda, ГПЗ-1 we ГПЗ-2 ýerlerinde ýerleşýär. Öndüriji tarapyndan berlen tehniki gollanmanyň talaplaryna laýyklykda, ýakyn wagtda bu kompressor enjamlaryna tehniki hyzmat we düýpli abatlaýyş işleri geçirmek üçin şertnama boýunça abatlamak we gyssagly abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak zerurdyr.

Bu tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa, aşakdaky maglumatlary we resminamalary bermek bilen tendere gatnaşmak üçin ýüz tutup biler:

  • tenderiň adyny we tertip belgisini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we kontakt belgileri görkezilen gysgaça maglumat;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi,
  • Ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34,

Faks: +993 12 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022