“Demirýollary” teplowozlarda wideo gözegçilik kameralaryny oturtmak boýunça tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti CKD9A, CKD9С, CKD9Е kysymly teplowozlarda wideo gözegçilik kameralaryny oturtmak boýunça № DÝ/AGPJ-019 belgili AÇYK TENDERINI yglan edýär:
Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- tender resminamalarynyň bukjasyny almak;
Lot üçin 2012,50 milli walýuta möçberde (şeýle hem 262,50 manat - GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamyndai kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 38-32-31;
38-31-03;
Faks:
38-34-78